Abissal çökündiler
From Wikipedia
Abissal çökündiler - dünýä okeýanlarynyň düňbüniň meýdanynyň 90% golaýyny tutýan çuňlykdaky çökündiler. Beýle çökündiler aglaba 3 km gowrak çuňlykda bolýar. Çökündiler suwda gaýyp ýören görnüşde ýaşaýan örän ownuk organizmleriň (farominiferleriň, diatom suw otlarynyň we b.) skeletlerinden, gury ýerden we deňiz akymlary bilen getirilýän örän kiçijik mineral bölejiklerden we kosmos tozanyndan ybarat. Abissal çökündiler birnäçe hili bolýar: 1) hekli-globigerinli gyrmança we onuň her hili görnüşleri; 2) kremnili-diatomly gyrmança we mikroskopik suw otlarynyň galyndylaryndan emele gelýän gyrmançalar; 3) radiolýar gyrmança. Bu gyrmança has ownuk jandarlaryň gabyklaryndan emele gelýär.