Wektor ululyklar
From Wikipedia
Wektor ululyklar üstünde gorizntal strelka goýulýan harplar bilen belgilenýärler. Mysal üçin, orun üýtgetme wektory S bilen belgilenýär. Fiziki ululyklaryñ uly topary wektor ululyklardyr. Durmuşda olary goşmak, aýyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
[edit] Wektorlary goshmak
Goý, a we b wektorlary goşmak talap edilsin. Ol wektorlaryñ uzynylyklaryny we ugurlaryny üýtgetmän saklap, başlangyçlary gabat geler ýaly edip ýerleşdireliñ (a-surat). a we b wektorlary parelellogramyñ iki tarapy hasaplap, parallelogram guralyñ we diognal geçireliñ. Bu diognal netijeleýji c wektordyr. Iki wektoryñ jeminiñ şeýle usul bilen tapylşyna parallelogram düzgüni boýunça goşmak diýilýär.
Indi a we b wektorlaryñ tapawudyny tapalyñ. a we b wektorlaryny öz-özlerine parallel edip olaryñ başlangyçlaryny bir nokada geçireliñ (b-surat) Soñra olaryñçlaryñ kemeldijiden kemeldijä tarap (b wektoryñ ujundan a wektoryñ ujuna) ugrukdyrylan wektor bilen birleşdireliñ. Şol wektor hem c wektordyr. b we c wektorlarynyñ jeminiñ hakykatdan-da a wektora deñdigi suratdan görünýxndir.
Eger-de ol a we b wektorlar bir göni çyzygyñ ugry boýunça bir tarapa ugrukdyrylan bolsa, onda netijeleýji c wektoryñ moduly goşulýan wektorlaryñ modullarynyñ jemine deñdir. (ç-surat). c wektor goşulýan wektorlar bilen ugurdaşdyr.
Eger-de a web wektorlar bir göni çyzygyñ ugry boýunça garşylykly tarapa ugrukdyrylan bolsa, netijeleýji c wektoryñ moduly goşulýan wektorlarynyñ tapawudyna deñdir. (d-surat). Şunlukda, c wektor moduly uly bolan wektoryñ ugry boýunça ugrukdyrylandyrlyýar.