Türkmen elipbiýi
From Wikipedia
Türkmen elipbiýi, Türkmenistanda Türkmen dili üçin ulanylýan latyn grafikasy elipbiýidir.
Contents |
[edit] Harplar
Türkmen elipbiýi, latyn grafikasyna görä ýazylyp 1993 ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ol 1930-njy ýyllarda ulanylan latyn we ondan soň 1991-nji ýyla çenli ulanylan Kiril elipbiýden tapawutlanýar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar.
Bular:
A B Ç D E Ä F G H I J Ž K L M N Ň O Ö P R S Ş T U Ü W Y Ý Z |
a b ç d e ä f g h i j ž k l m n ň o ö p r s ş t u ü w y ý z |
[edit] Çekimli we çekimsizler
a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.
[edit] Türkmen elipbiýinde ýok bolan harplar
Esasy ýalňyşlyklaryň biri türkmen elipbiýinde ýok bolan harplary ulanmakdyr. Olar beýleki latyn elipbiýlerinde bolan Q/q, X/x, C/c, V/v ýaly harplardyr. Bulary ulanmak ýalňyşlykdyr.
[edit] Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar
Käbir harplar türkmen dilinde ulanylmaýar.
- Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly
- Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino
- taxi, maximum däl taksi,maksimum
- capital däl kapital
Käbir sesler käbir sözlerde ýazylmaýar
- kyýn däl kyn
- uzyýn däl uzyn
- dolly(göwrüm) däl doly
Käbir ýokardaka meňzeş ýagdaýlarda bu sesler ýazylýar
- dün däl düýn
Türkmen dilinde sözler b, d, j sesleri bilen gutarmaýar
ad däl at
ýab däl ýap
saj däl saç
[edit] Nädip dogry türkmençe ýazmaly?
- Türkmençe ýazuwy dürs bolan bir resminama, websahypa, kitaplara seretmeli. Meselem:Türkmenistanyň salgyt gullugy
- Sözlük we beýleki dürs ýazuw gollanmalaryndan peýdalanmaly.
- Bilýän adamlardan soramaly
[edit] Näme üçin dürs ýazuw gerek?
- Bir edebi diliň barlygy we ösüşi onuň dürs we belli bir ülňülere görä ýazylýandygyna baglydyr.
- Dogry aragatnaşygy ýola goýmak.
- Diliň peýdalanyşynda eden-etdilikden gaça durmak