Tacmammet Jurdekow
From Wikipedia
Turkmenistanyn halk yazyjysy Tacmammet Jurdekow 1940-njy yylyn 15-nji mayynda Gokdepe etrabynyn Kelejar obasynda eneden bolyar. Onun cagalykdan ceper soze bolan uly howesi, ymtylshy ozunin onat netijelerini beryar. Turkmen edebiyatynyn satira boluminde ymykly orun alan yazyjy bu gun yurdumyzyn ahli yerinde teeneli sozlerin taysyz ussady hokmunde tanalyar. T.Jurdekowyn eserleri birnace dashary yurt dillerine hem terjime edildi. Onun birnace kitaplaryny ashakda agzap gecelin:
- "Bashlyk aga bagyshla"
- "Gaplan gerekmi?!"
- "Ody ozune bas..."
- "Daliden dogry habar"
- "Menin milisiyam meni talayar"
- "Uly bashlyk"
- "Garashsyzlygyn galkyndyran gudraty"
we yenede birnace eserleri bar.
Tacmammet Jurdekowyn 1996-njy yylda cykan "Daliden dogry habar" diyen kitabynda, ozi barada sheyle "terjimehalyny" yazyar:
Uly ile ayan bir hakykat bar yashamak ucin ilki dogulmaly. Hudaya shukur, menem hali-hazir yasap yorun. Diymek, hacanam bolsa bir wagt menem dogulypdyryn onun anyk senesi, yagny nacenji yyldygy ayy guni okyjy ucin hokmanmyka?! Eger sheyle bolsa, onda, otyrynda ozuniz hasaplap gorun menin dogulan yylym luw yyly eken. Satirik shahyr kemine panydan bahyyete "Gecenden" ylayyk yuz yyl son dunya inipdirin. Has takygy shu asyryn ahyrynda, yagny 2000-nji yylyn 15-nji mayynda, nesip edip yashap yorsek bizem 60 yashayarys.
Menin nirede dogulanlygym bilen kimin name ishi barmyshyn?! Juda belesigeliji bolsanyz, aydaymaly bolarda. Hawa, gadymy Gokdepanin Kelejar diyip bir obasy bar. Ine, Shol yeri menin gobek ganymyn daman yeri.
Wiy, yogsada "gobek" diyemde bir zat yadyma dushdi. Gobek enem pahyr mana kop gezek gurrun beripdi. Caga dunya inende cyrlap aglayar, men weli yylgyrypdyryn. Adatdan dashary bu ahwalaty enem atam ozuce tesbirlapdirler. Gowlyga yorupdyrlar.
--Oglumyz ulalanson degishgen, washi bir yigit bolup yetisher...
Kaba denelyan ene atanyn uly ynamyny odemezlik uslyp dal. Shonun ucinem... bolyar, ol barada azajyk sonurak.
Howwa men oz kakam Jurdek Atajyk ogly bilen juda onaysyz yagdayda "dushusdym". Ol watan ucin bolan soweshlerin birinde 1942-nji yylyn 29-nji dekabrynda, yagny men 2 yashymdakam wepat bolupdyr. Ony gozlap, idap tapmaklyk mana 42 yyldan son (1984 y) bashartdy. Sowuk mazaryn astynda yatan 25 yashly kakam ozunin 44 yashly ogly bilen Nowgorod oblastynyn Staraya Russo shaherinde sheylerak "gurru" etdi.
--Oglum jahany urush belasyndan gorap saklasanyz, bizin ucin in uly sylag serpay sholdyr.
Gulagyma eshidilen ata sargydy uly neslin ozunden sonkylara eden pendi bolup yanlandy.
Men 1948-nji yylyn ayylganc yer titremesini hem gormeli boldym, agyr yitgini bashdan gecirdim. Ozumden iki yash uly yalnyz gyz doganymdan jyda dushdim. Ejem ikimiz gugaryp galdyk. Shol dowurin agyr kyncylyklary, durmushyn apaty bizinem denamizden goni gecip gitmedi. Ony oz gerdenmizde cekmeli boldyk. Yone adamyn bashyny alyp duryan zat yok eken, hemme zat oz nobaty bilen gelip-gecip dur. Ynha, men indi alty cagan atasy agtyklarymyn sany hem, hudaya shukur, kopelip gidip otyr.
Yazyw pozuwa yedi yashymda bashladym. Gen gorman, doredijilige dal. Birinji klasda okap yorkam edyan yazuwymdan, edyan pozuwym kandi. Sheydip sheydiwem ahyry yazyjy boldym. 1982-nji yyldan bari yazyjylar birleshiginin agzasy.
Men Ashgabadyn G.Seyitliyew adyndaky medeni-an bilim tehnikumyny (1959 y), sonra hem Moskwanyn dowlet medeniyet institutyny (1964 y) tamamladym. Durli karlerde ishledim. Goshun hatarynda gullyk etdim.
Hazir "edebiyat we sungat" gazedinin bash redaktory bolup ishleyan.
Doredijilik diyilyan jadyly senet bilen ymykly meshgullanyp bashlan dowurim 70-nji yyllaryn ahyrlarya degishli.
Menin esasan edebiyatyn satira bolumi bilen meshgullanyandygymdan, megerem, okyjylar habarlydyr. Turkmenistanyn dowurleyin metbugatydyr. Radiyo-telewideniyanyn ishgarleri-ha mana beletdir. Hekayalarym cap edilmedik gazet-zurnal yok bolsa gerek. Oz bashdak cap bolup cykan kitaplarymyn atlaryny yatda saklamak juda ansat.
-"Uly bashlyk"(1982y.), "Aytsan bolmayarmy?!"(1984y.), "Altyn bagjyk "(1982y.) abererdim-da
-Hush, "Il bir eshitmesin"(1988y.).
-"Bashlyk aga, bagyshla"(1991y.). Onsonam, "Ody ozune bas,..."(1992y.). Shulardan bashga, Moskwada "Krokodil" zurnalynyn kitaphanasynda "Piscebumashnyy tigr"(1990y.) ady bilen hekayalar yygyndym ozbashdak kitapca bolup cykdy.
Wiy, yogsa-da, menin tebipcilikden hem basym cykman duranok. Ynanmasanyz "Diagnozy:yygnak" (1993y.) diyen kitabymy okap gorayin. Korpe okyjylary hem gozden salmajak bolyan. Olara "Esger papagy"-ny (1990y.) sowgat etdim. Ondaky yerleshdirilen caklanja powestdim hem-de hekayalarym belli bir derejede oz durmushymyn beyanydyr. Kabir yygyndylarda hem ("Ynamly nesil", "Shatlyk gozleginde") ayry-ayry hekayalarym cap bolup cykdy. Dogry men bir goshgy yazyp yoren shahyr dal eysemde bolsa, kompazitorlar bilen bilelikde 10-na golay aydymy yazdym. Umuman, gol gowshyryp otyrmaga wagtym yok.
Maglumat ucin yenede bir zat aydyp biljek. Tutush kitabyma dal, yone ayry-ayry hekayalarym ozbek, gazak, bashgyr, latysh, mangol, turk dillerinde cap edildi.
Ceper terjimede hem oz guyjumi synap goryan. Ayry-ayry hekayalrdan dashary ceper kinofilmlerin 10-larcasyny rus dilinden turkmen diline gecirdim. Ozum "prodyuser" hokminde uc sany ("Ayhan Hajyyew", "Gamidaki toy", "Taze adatlar") dokumental filmin awtory.
Jemgiyetcilik ishlerine hem ishengir gatnashyaryn. Magtymguly Halkara bayragy Komitetinin, Dasary yurtlar bilen dostlyk jemgiyetinin prawleniyasynyn agzalary.
Bu ishlerin dashyndan bolsa jahankeshdeligi halayan. Hazire cenli dunyanin 7 yurdynda (ABS, Hindistan, Mangoliya, Bolgariya, Siriya, Malta, Eyran) boldym.
Yene-de essem-pesemim yok dal, yone ol baradaky sohbeti wagtyn ozi dowam etdirer.
Howwa, "Ish bitirsen il tanar" diyilishi yaly, menin cekyan zahmetim kopun gozunden sypmady. Mahriban Prezidentimizin Permany bilen mana "Turkmenistanyn Halk Yazyjysy" (1993y.) diyen hormatly at dakyldy. Bu menin ucin el yetmez bagtdyr.